Türkmenistan — Hytaý: hyzmatdaşlygyň ugurlary

Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň iki ýurduň degişli ulgamlarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde IV mejlisi boldy.

Duşuşygyň barşynda, iki taraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri barada giňden pikir alşyldy. Mejlise gatnaşanlaryň aýtmagyna görä, hyzmatdaşlyk işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýar hem-de onuň mundan beýläk hem netijeli ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikler bar.

Biziň ýurdumyzyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda Hytaýyň birinji orny eýeleýändigi, biziň ýurdumyzyň bolsa Ýewraziýa sebitinde Hytaýyň üçünji iri söwda hyzmatdaşydygy belendi.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, hususan-da, tebigy gazy Türkmenistandan Hytaýa ugratmak, uzakmöhletleýin we strategiki türkmen-hytaý söwda gatnaşyklarynyň berk binýady bolup durýar.

2009-njy ýylyň ahyrynda ulanyşa girizilen Türkmenistan-Hytaý turba geçirijisi häzirki wagtda kuwwatlygyny barha artdyrýar. Gaz geçirijiniň ilkinji iki şahasynyň geçirijilik kuwwatlylygy 2010-njy ýylyň ahyryna çenli 30 milliard kub metre barabar boldy. 2014-nji ýylyň ahyrynda ýyllyk kuwwaty 25 milliard kub metr gaza barabar bolan üçünji şahanyň gurluşygy tamamlandy. 2013-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň we HHR-iň Liderleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde dördünji şahany gurmak boýunça ylalaşyga gol çekildi. Bu şaha Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça gurlar. turba geçirijiniň gurluşygyny 2017-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Mejlisde hyzmatdaşlygyň geljekde bähbitli ugurlary hökmünde ulag, elektroenergetika, himiýa we dokma senagaty, gurluşyk serişdeleri, oba hojalygy hem-de şäher gurluşygy pudaklary görkezildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde iki döwletiň maliýe ulgamynda, sebitara hyzmatdaşlygy, bilelikdäki kärhanalary guramak, şeýle hem syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek kesgitlendi.

Meňzeş täzelikler

2014