Hytaýyň ýaramaz yşaratlarynyň netijesinde nebitiň bahalary aşaklaýar, «Brent» 34,4 dollara çenli aşak düşdi

Alty hepdeden bäri iň ýokary görkezijisine ýeten nebitiň bahalary anna güni ýene-de aşaklaýar, diýip Interfaks habar berýär. Hytaýyň koronawirus epidemiýasy zerarly jemi içerki önüminiň ösüş depgini üçin 1994-nji ýyldan bäri ilkinji gezek maksatlaýyn görkeziji bellemejekdigi baradaky habary bazara ýaramaz täsir etdi.

Mundan başga-da, HHR-niň Gonkongyň milli howpsuzlygy barada kanunçylyk namasyna gaýtadan seretmek isleýändigi baradaky beýanatyndan soň Waşington bilen Pekiniň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşmegi hem treýderleriň üns merkezine düşdi.

«Brent» nebitiniň bahalary 34,4 dollara deň boldy, bu görkeziji bir gün öňdäkiden 4,6 göterim aşakdyr. Penşenbe güni söwdalaryň netijeleri boýunça onuň bahasy 0,9 göterim ýokarlanyp, 36,09 dollara deň bolupdy.

«WTI-niň» bahalary 6,13 göterim arzanlap, 31,84 dollara deň boldy. Deslapky söwdalaryň netijesinde onuň bahasy 33,92 dollara ýetipdi.

Maý aýynyň başyndan bäri, dünýäde ykdysady işjeňligiň dikelip başlamagy, şeýle hem iri öndürijiler tarapyndan nebit çykarylyşynyň çäklendirilmegi netijesinde islegiň artmagyna bolan umyt etmäniň netijesinde «WTI» 80 göterim, «Brent» bolsa – 43 göterim gymmatlady.

 

Meňzeş täzelikler

2014