Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary: ugur önümleri eksport etmek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşary ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bolup durýar. 8-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem döwlet Baştutany ýene-de bir gezek bu babatda durup geçdi we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Bu wezipäni çözmekde nebitgaz senagatyna möhüm orun degişlidir. Netijede, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň şu ýylyň dört aýy boýunça eksport eden önümleriniň umumy möçberi 1,87 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Hususan-da, eksporta 11,8 milliarda golaý tebigy gaz iberildi. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen awtomobil benziniň iri tapgyry, şol sanda Ahal welaýatynda tebigy gazdan öndürilýän ECO-93 benzini, şeýle hem dizel ýangyjy, polipropilen we polietilen, nebit koksy, awiasion we tehniki kerosin, suwuklandyrylan gaz, binýatlyk tehniki ýaglar, nebit ýol bitumy, kükürtler iberildi.

Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa önümlerini Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Maltanyň, Singapuryň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary satyn alýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014