Nebitiň bahalary bassyr üçünji hepdesini ösüş bilen jemleýär

Anna güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi. Nebitiň çykarylyşynyň çäklendirilmegi bilen birlikde karantin çäklendirmeleriniň kem-kemden aýrylmagynyň bazarda isleg bilen teklibiň deňagramlylygyny gazanmaga ýardam etjekdigine umyt bildirmeklige baglylykda, bahalar eýýäm bassyr üçünji hepdesini ösüşde jemleýär.

Interfaksyň habar berşi ýaly, «Brent» nebitiniň iýul aýyndaky fýuçersleriniň bahasy deslapky sessiýa bilen deňeşdirilende, 1,83 göterim ýokarlanyp, 31,7 dollara deň boldy. penşenbe güni söwdalaryň netijesi boýunça onuň bahasy 6,7 göterim ýokarlanypdy.

«WTI» nebitiniň iýun aýyndaky fýuçersleriniň bahasy 1,05 göterim ýokarlanyp, barreli 27,85 dollara deň boldy. Deslapky söwdalarda ol 9 göterim ýokarlanyp, 27,56 dollara ýetipdi.

Şu hepdäniň başyndan bäri, «Brent» nebiti 3 göterim, «WTI» bolsa 13 göterim gymmatlady.

Saud Arabystanynyň öňräk OPEC+ ylalaşygynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklara goşmaça nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky çözgüdi hem bahalaryň ýokarlanmagyny goldady. Muny beýleki döwletler hem goldady.

Halkara energetika agentliginiň (HEA) garaşmagyna görä, Saud Arabystany tarapyndan nebit çykarylyşynyň birdenkä çäklendirilmegi, şeýle hem ABŞ-da we Kanadada nebit önümçiliginiň peselmegi maý aýynda nebit ibermeleriniň taryhy pese düşmegine – günde 12 mln b/g pese düşüp, 88 mln b/s-e deň bolmagyna getirer. Soňky 9 ýylda iň aşak çäk.

Mundan başga-da, penşenbe güni neşir edilen aýlyk hasabatynda HEA ikinji çärýekde nebite bolan isleg boýunça çaklamasyny gowulandyrdy. Täze bahalandyrmalara laýyklykda, aprel-iýun aýlarynda nebite bolan ählumumy isleg 19,9 mln b/g azalyp, 79,3 mln b/g deň bolar. HEA-nyň deslapky çaklamasyna laýyklykda, aşaklama 3,2 mln b/g köp bolmalydy.

«Bazaryň ýagdaýy seresaply bolup, gowulyga ýykgyn edýär, meniň garaşyşym ýaly, dünýäde epidemiologik nukdaýnazardan düýpli yza gaýdyş bolmasa, ýagdaýlar şeýle bolmagynda hem galar» diýip, Singapurda Vanda Insights kompaniýasyny esaslandyryjy Wandana Hari belleýär.

«Muňa garamazdan, islegiň çaklamasy durnuksyz bolmagynda galýar, treýderler bolsa ykdysadyýetler açylandan soňky bolýan zatlara seresaplyk bilen seredýärler» diýip, bilermeniň sözlerini Bloomberg getirýär.

Meňzeş täzelikler

2014