Dört aýyň jemlerine garaldy

12-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň edara-kärhanalarynda 2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda üstümizdäki ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M. Arçaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G. Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş. Abdrahmanow, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B. Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýan anyk wezipeleri, hususan-da nebit we gaz serişdeleriniň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryny ulanmak we önümçilik hem-de düzümleýin desgalary kämilleşdirmek, şeýle hem ähli önümçilik bölümlerinde döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini güýçlendirmek babatda beren anyk tabşyryklary barada durup geçdiler. 

Hasabat ýygnagynda geçen dört aýda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda, şol sanda Gyýanly polimer zawodynda, Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän toplumda, «Galkynyş», Döwletabat gaz känlerinde, Uzynada ýatagynda, Demirgazyk Goturdepede, nebite, gaza geljegi bar bolan meýdançalarda we beýleki ýerlerde alnyp barylýan işler, nebitiň we gazyň çykarylyşyny durnukly saklamakda we artdyrmakda, olary eksport etmekde, toplumyň edara-kärhanalaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, düýpli maýa goýumlaryny özleşdirmekde gazanylan anyk ykdysady-önümçilik görkezijileri seljerildi we bu ugurlarda işleri has-da ilerletmegiň ýollary, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde täze döredilýän ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, hünärmenleriň önümçilikler bilen işleşmegini kämilleşdirmek dogrusynda gürrüň edildi. 

Şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginde alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hasabat ýygnagynyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy barlag tebigy gaz institutynyň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň ýolbaşçylary alnyp barýan ylmy-barlag işleri dogrusynda hasabat berdiler. Şunuň bilen baglylykda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmakda önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda berjaý etmekligiň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtamak bilen, ýygnanlara «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemekde rowaçlyklary arzuw etdi.    

Meňzeş täzelikler

2014