Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň ýanwar-aprel aýlary boýunça netijeleri jemlenildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň, şol sanda nebitgaz toplumynyň 2020-nji ýylyň dört aýy boýunça ösüşiniň netijeleri jemlenildi.

Hususan-da, wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew hem-de döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew çagyryldy.

Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi we gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebit - gaz kondensaty çykarmak boýunça meýilnamanyň 108,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 104,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 124,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 106 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasynyň bolsa 140,4 göterim berjaý edilendigi barada hasabat berildi.

Suwuklandyrylan gazy öndürmekde ösüş 114 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüşi 102,3 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, nebitgaz senagatynyň kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew ýurdumyzyň gaz senagatynyň ösüşiniň esasy görkezijileri, tebigy gazyň gazylyp çykarylýan möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, konserniň garamagyndaky kärhanalarda öndürilýän suwuklandyrylan gazyň we gazhimiýa önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça bellenilen çäreler barada hasabat berdi.

Prezident hasabatlary diňläp, şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça nebitgaz toplumynda önümçiligiň esasy görkezijileriniň bellenen ýyllyk meýilnamalara laýyklykda ýerine ýetirilendigini belledi hem-de nebitgaz senagatynda yzygiderli ösüşi üpjün etmek üçin işiň geljekki möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, nebit we gaz serişdeleriniň gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işlenilýän mukdary artdyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary ulanylmalydyr we önümçilik hem-de düzümleýin desgalar kämilleşdirilmelidir.

Meňzeş täzelikler

2014