Aleksandr Fomin Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen halkynyň mertligini we gahrymançylygyny belledi

Hut sowet halky tutuş adamzadyň umydyna we daýanjyna öwrülip, ýowuz, mähnet beladan azat etdi, diýip Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin 9-njy maýda Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen dabarada eden çykyşynda belledi.

Bu gün biz elhenç uruşda Beýik Ýeňşi gazanan adamlary hormatlap, öz şirin janlaryny gurban edip, faşistlerden ene topragymyzy goran adamlaryň öňünde başymyzy egýäris. Olar şu günüň hatyrasyna söweşdiler we zähmet çekdiler, ýowuz synaglardan geçip, söweş meýdanlarynda duşmanlar üçin geçip bolmajak gala öwrüldiler. Olar ähli zada döz geldiler. Berip biljek ähli zatlaryny, şol sanda şirin janlaryny berdiler, emma Ýeňiş gazanmagy başardylar. Söweşenleriň köpüsi urşa göni mekdep partasynyň başyndan gidip, söweş meýdanlarynda hemişelik galdylar, söýginiň şatlygyny we perzent görmek bagtyny duýup bilmediler.

A.Fominiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň 300 müňden gowrak esgeri urşuň ähli söweşlerine gatnaşyp, Reýhstagyň diwarlaryna çenli baryp ýetdiler. Olaryň 104-si «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp boldular. Türkmenistanyň çäginde senagat kärhanalary we harby hassahanalar gurlup, bu ýere okuw mekdepleri göçürilip getirildi, bu ýerde oba hojalyk önümçiligi ençeme esse artdyryldy.

Doganlyk türkmen halkynyň sowet respublikalaryndan bolan, urşuň oduna ýanan ýetim çagalary mähir we alada bilen kabul etmegi hiç haçan unudylmaz. Munuň özi tutuş ýurduň ýowuz we rehimsiz duşmanyň öňünde jebisliginiň aýdyň mysaly boldy.

Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary, häzir gynansak-da, käbir ýurtlarda milletparazçylyk ideologiýasyny dikeltmek, umumy taryhy ýoýmak, dönükleri beýgeltmek hem-de faşizmiň üstünden gazanylan ýeňişde sowet halkynyň eýeleýän ornuna gaýtadan seretmek synanyşyklarynyň bardygyny belläp, Ýeňiş gazanan gahrymanlaryň nesilleri hökmünde olaryň edermenligi baradaky hakydany aýawly saklamagyň hem-de hakyky gahrymanlary goramagyň biziň wezipämizdigini, ynsabymyzdygyny we jogapkärçiligimizdigini, çünki özümiziň ýaşap ýörendigimiz üçin olara borçly bolup durýandygymyzy aýtdy.

Ähli weteranlaryň, ýeňijileriň nesliniň öňünde başymyzy egýäris. Biz bu gün asudalykda, hoşniýetli goňşuçylykda we dost-doganlykda ýaşaýarys, şonuň üçin biz ata-babalarymyzyň görkezen edermenligini hiç haçan unutmaly däldiris diýip, A.Fomin aýtdy. Biz, hormatly weteranlar, siziň hemmäňize uly hormat goýup, ählimiz üçin ýeke-täk bolan hem-de şonlugyna-da galjak Ýeňşi şöhratlandyrarys.

Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin hemmeleri Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlap, parahatçylyk, berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ömür arzuw etmek bilen, öz çykyşyny: «Minnetdar, Gurbanguly aga!» diýen sözler bilen tamamlady.

Meňzeş täzelikler

2014