Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdylar

24-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlik de döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmen Lideri owgan kärdeşini Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine täzeden saýlanylmagy bilen gutlap, öz halkynyň bähbitleriniň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dekabr aýynda geçiriljek halkara derejedäki maslahata we çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Teklip minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Owganystanyň Baştutany gutlaglar we mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklara tüýs ýürekden sarpa goýulýandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi. Şol syýasat sebitde geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýar.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň giňelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen-owgan hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinde yzygiderli guralýar.

Goňşy döwletleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklar, ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda amala aşyrylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça çekilýän ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagy ýaly giň gerimli taslamalar muňa mysal bolup biler.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmegi täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça strategik taslamalary amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) geçelgesini döretmek boýunça täze bilelikdäki taslama hem aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Ol diňe sebitiň döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge däl-de, eýsem, Merkezi hem-de Günorta Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga hem ýardam eder.

OYR-nyň Baştutany netijeli döredijilik syýasaty hem-de abadan durmuşy gurmakda owgan halkyna berilýän uly kömek üçin türkmen Liderine ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklip edýän, owgan meselelerini çözmäge çemeleşmeleri, başyny başlan iri ulag-aragatnaşyk taslamalary Owganystandaky ýagdaýy asuda kadalaşdyrmaga, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly goşant boljakdygyna berk ynam bildirildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014