Himiýa instituty gaz kükürdünden peýdalanmagyň innowasion tehnologiýalaryny hödürlediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri «Türkmengaz» döwlet konsernine ýurdumyzyň nebitgaz känlerinden alynýan tebigy kükürdi utilizasiýa etmegiň we senagat taýdan peýdalanmagyň innowasion usullaryny teklip etdiler.

Alymlar tarapyndan gazy çykarmagyň ikinji derejeli önümlerinden, şeýle hem bu mineralyň senagat taýdan gaýtadan işlenmesiniň galyndylaryndan modifisirlenen kükürdi almagyň tehnologiýasy işlenip taýýarlanyldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Tebigy gazyň çykarylyş depgininiň artmagy netijesinde känlerde kükürt galyndylarynyň uly möçberi toplanýar. Olaryň utilizasiýasy we gaýtadan ulanylmasy uzak wagtlap amatsyz hasaplanyp gelinýärdi. Ýurdumyzda kükürdi esasy sarp ediji — kükürt kislotasyny öndürýän Türkmenabadyň himiýa zawodydyr. Şol bir wagtda gazy çykarmagyň ikinji derejeli önüminiň we kükürdiň senagat galyndylarynyň ählisiniň gaýtadan işlenmek meselesi çözülmän galýardy.

Himiýa institutynyň alymlarynyň pikirine görä, gaz kükürdini peýdalanmagyň täze ugry bolup önümçiligiň material pudaklaryndaky innowasion tehnologiýalar bolup biler. Modifisirlenen kükürdiň işlenip düzülen düzümini institut «Türkmengaz» DK polimer baglanyşdyryjy hökmünde hödürledi. Modifisirlenen kükürdiň esasynda kompozision materialyň — polimerbetonyň önümçiligini ýola goýmak teklip edildi.

Asfaltbeton önümçiliginde kükürtpolimer birleşdirijiniň ulanylmagy işiň özüne düşýän gymmatyny azaldýar we ýol örtükleriniň çydamlylygyny düýpli ýokarlandyrýar hem-de olaryň ulanyş möhletini uzaldýar. Modifisirlenen kükürdiň esasynda önümleri almak boýunça alymlar tarapyndan hödürlenilen tehnologiýa «Türkmengaz» DK-nyň hünärmenleri tarapyndan önümçiligine ornaşdyrmagyň görnüşi hökmünde makullanyldy.

Gaz kükürdini senagat taýdan peýdalanmagyň täze ugurlaryny gözläp, alymlar onuň goraýjylyk aýratynlyklaryna üns berdiler. Kükürtpolimer kompozit düzümi granulirlenen azot dökünleriniň önümçiliginde (karbamid, ammiak selitrasy) goşmaça goşundy hökmünde hem peýdalanyp bolar. Tuarkur känindäki kömürlerden alynýan gumin konsentratlary bilen birleşikde gorag täsiri has hem ýokary bolýar.

Muňa garamazdan, alymlaryň pikirine görä, kükürt we kükürt galyndylaryny peýdalanmagyň başga-da, mundan hem has netijeli ugurlary bar. Netijede, kükürdi we kükürt galyndylaryny ýol we gidrotehniki gurluşyk pudaklarynda beton kompozisiýalaryny döretmekde peýdalanyp bolar. Kükürtpolimer kompozisiýalarynyň bäsdeşlik artykmaçlyklary olaryň önümçiligi üçin arzan we elýeterli çig malyň — kükürtden baglaýjy düzümleriň ulanylmagy, şeýle hem ýokary berkligi, himiki durnuklylygy bilen şertlenendir.

Meňzeş täzelikler

2014