«Türkmengeologiýa» Gyzylgaýa ýatagynda demir magdanlarynyň goruny anyklamak boýunça işler barada hasabat berdi

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ş.Abdrahmanow ýurdumyzda metallurgiýa zawodyny gurmak üçin ýerli çig mal gorlaryny anyklamak boýunça Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde demir magdanlaryna geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, korporasiýanyň hünärmenleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklaryndan demir magdanlarynyň maddy we himiki düzümini, mineralogiýasyny, giňişlik hem-de çuňluk çäklerini barladylar. Barlagyň netijesinde, gorlaryň ýerleşýän çuňlugynyň 120 — 160 metre barabardygy we himiki düzüminde demir okisiniň ortaça 20 göterime deňdigi anyklanyldy.

Soňra senagat we gurluşyk önümçiligi ministri hasabaty dowam edip, Gyzylgaýa demir magdanlarynyň ýataklarynda tehnologiýa synaglaryny geçirmek üçin Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň I.P.Bardin adyndaky Merkezi gara metallurgiýa ylmy-barlag instituty bilen metallurgiýa önümçiliginde onuň amatlylygyny kesgitlemek maksady bilen, degişli işleri alyp barmak üçin teklipleri döwlet Baştutanynyň garamagyna berdi.

Türkmen Lideri senagat pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geljegi uly känlerini ýüze çykarmak maksady bilen, geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de hödürlenen teklipleri makullap, köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi bilen berkidilen türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany ähli ulgamlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, munuň geljekde hem Türkmenistanyň we Russiýanyň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen özara bähbitli esasda guraljakdygyny belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014