Bilermenler nebite bolan islegiň taryhda iň düýpli aşaklajakdygyny çaklaýarlar

Köp sanly ýurtlarda koronawirusyň ýaýramagyna garşy görülýän adatdan daşary göreş çäreleriniň netijesinde 2020-nji ýylda dünýä boýunça nebite bolan isleg taryhda iň düýpli aşaklama ýagdaýyna gelip biler, diýip Interfaks Bloomberg agentligine salgylanyp habar berýär.

«Saparlara gitmäge gadaganlyk, öýde galyp işlemek, ýatyrylan zähmet rugsatlary we ibermeleriň arasynyň bozulmagy — bu zatlaryň ählisi gönüden göni ýangyja bolan islegiň azalmagyna getirýär. Jemgyýetçiligiň wirusa mundan beýläkki görjek çäresine baglylykda nebite bolan isleg aşaklamagyny dowam edýär. Hytaýyň ykdysadyýetiniň tutuş toplumlaryny togtagmak kararyny bermeginden hep ol eýýäm düýpli ejir çekdi» diýip agentlik belleýär.

Nebit treýderleri, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hej-gaznalaryň dolandyryjylary we maslahatçylar öz çaklamalarynda aşaklamany belleýärler. Köp adamlar 2019-njy ýylda nebite bolan ortaça günde 100 mln barrele deň bolan islegiň şu ýylda maksimal ýagdaýda pese düşmeginden heder edýärler. Ol gerimi boýunça islegiň 2019-njy ýylda resessiýa wagtynda 1 mln b/g aşaklamagyndan hem pese düşüp, hatda 1980-nji ýylda 2,65 mln barrel aşaklamany hem çaklaýar.

Ýylyň başyndan bäri nebit 50 göterim arzanlady. 6-njy martda nebitiň çykarylyşyny mundan beýläk hem çäklendirmek baradaky Russiýa bilen ylalaşyk gazanyp bilmedik Saud Arabystany koronawirus zerarly islegiň peselmegine jogap edip, nebitiň çykarylyşyny artdyrmak we satyn alyjylar üçin bahalary arzanlatmak kararyna geldi. Bu ýagdaý onsuz hem aşaklan bahalary düşürdi — «Brent» 9-njy martdaky söwdalarda 24 göterim arzanlady, WTI – 25 göterim. Soňrak bahalar az-kem kadalaşdy, emma duşenbe güni ýene-de aşaklamasyny dowam etdi.

«Isleg bilen bagly şular ýaly ýagdaýa taryhda gözegçilik edilmedi» - diýip agentlik Trafigura Group treýding kompaniýasynyň baş ykdysatçysy Saad Rahimiň sözlerini getirýär. — Isleg gün-geçdigiçe peselmegini dowam eder.

Uoll-Stritiň iri çig mal treýderleriniň biri bolan Goldman Sachs fewral aýyndan aprel aýy aralygynda isleg her aýda 4 mln b/g-den gowrak azalar. Beýleki treýderler ýakyn geljekde islegiň has hem düýpli aşaklamagyna garaşýarlar.

«Biz nebite bolan islegiň birden aşaklamasyny göreris» - diýip, Vitol Group treýding kompaniýasynyň baş ykdysatçysy Jowanni Serio aýtdy.

Dünýäde iň iri nebit treýderleriniň üçlügine girýän Trafigura-nyň hasaplamagyna görä, nebite bolan islegiň peselmegi ýakyn wagtda 10 mln b/g ýa-da dünýä boýunça umumy sarp edilişiň 10 göterimine ýeter. Agentligiň bellemegine görä, bu çaklama çärýeklik ýa-da ýyllyk däl-de, diňe ýakyn geljek üçindir. Muňa garamazdan, ol sarp edilişiň düýpli peselmegini görkezýär.

IHS Markit konsalting kompaniýasynyň çaklamasyna görä, şu ýylda nebitiň sarp edilişi ortaça 1,42 mln b/g, iň ýaramaz ýagdaýda aşaklama 2,8 mln b/g bolar. Beýleki konsalting kompaniýasy bolan FGE aşaklamanyň ýylyň jemleri boýunça ortaça 1,3 mln b/g boljakdygyny çaklaýarlar.

Halkara energetika agentliginiň 9-njy martda çap edilen çaklamalaryna laýyklykda, dünýä boýunça nebite bolan isleg 2020-nji ýylda ortaça 90 müň b/g aşaklar.

Meňzeş täzelikler

2014