«Gazprom» Hytaýa barýan «Sila Sibiri» gaz geçirijisini 1-nji aprele çenli arassalaýyş işleri üçin togtatdy

«Sila Sibiri» magistral gaz geçirijisi arassalaýyş işleri üçin iki hepdelik togtadyldy, diýip «Gazpromyň» Maglumatlar müdirliginde žurnalistlere habar berdiler. Bu barada Interfaks belleýär.

«Bu günki gün Moskwa wagty bilen sagat 5:00-da «Sila Sibiri» gaz geçirijisinde profilaktika işleri başlandy. Bu işleri 1-nji aprele çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.

«Işleriň geçirilmeli möhletleri «Gazprom» we CNPC tarapyndan ylalaşyldy. Taraplaryň öňden ylalaşygy esasynda enjamlaryň we gaz geçirijiniň ulgamynyň meýilnamalaýyn arassalaýyş işleri ýylda iki gezek amala aşyrylar: ýazda we güýzde» - diýip «Gazpromda» habar berildi.

«Sila Sibiri» 2019-njy ýylyň 2-nji dekabrynda işe girizildi. 2019-njy ýylda ondan 328 mln kub metr gaz iberildi — takmynan günde 11 mln kub metr. 2020-nji ýyl üçin şertnamalaýyn möçberiň ululygyndan we şertnamadaky 85% take-or-pay (al ýa-da töle) derejesinden çen tutsaň (5 mlrd kub metr) şu ýyl ibermeler günde 11-14 mln kub metr derejesinde bolup biler.

Meňzeş täzelikler

2014