Döwlet departamenti: ABŞ «Günorta gaz geçelgesine» strategik taslama hökmünde garaýar

ABŞ «Günorta gaz geçelgesine» strategik taslama hökmünde garaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Energetika serişdeleri býurosynyň energetika diplomatiýasy boýunça hünärmeni Natan Raýh aýtdy, diýip Trend habar berýär.

«Biz energiýa serişdelerini almaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga — iberme çeşmeleri, import ugurlary, ýangyjyň görnüşleri, şol sanda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri nukdaýnazaryndan ýewropaly hyzmatdaşlarymyza we tarapdarlarymyza kömek etmek üçin mümkin bolan ähli zatlary etmegi dowam ederis» - diýip Raýh aýtdy.

«Günorta gaz geçelgesi» gaz geçirijisiniň gurluşygy Ýewropa tebigy gaz islegini kanagatlandyrmak üçin uzakmöhletleýin täze çeşme hödürlär. Tebigy gazyň importynyň diwersifikasiýasy arkaly «Günorta gaz geçelgesi» Ýewropanyň energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrar we netijede milli howpsuzlyk ulgamynda umumy gyzyklanmalarymyzy öňe ilerleder» - diýip ol aýtdy.

Raýhyň şeýle hem bellemegine görä, ABŞ-nyň hökümeti üçin «Günorta gaz geçelgesi» esasy iki sebäbe görä gymmatly: olaryň biri energetika howpsuzlygy bilen bagly, beýlekisi – syýasy we ykdysady utgaşma nukdaýnazaryndan.

«On ýyllyklaryň dowamynda ABŞ-nyň hökümeti Ýewropanyň energetika howpsuzlygyna diplomatik ýagdaýda serişdeleri goýdy, çünki bu ykdysady ösüş we syýasy özbaşdaklyk üçin örän wajypdyr» diýip ol belledi.

Meňzeş täzelikler

2014