Türkmengaz» Marokkonyň we BAE-niň kompaniýalary bilen 1 million tonna kükürdi satmak hakynda Şertnama baglanyşdy

«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «OCP S.A.» (Marokko Patyşalygy) we «Sun International FZE» (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýalarynyň arasynda 1 million tonna kükürdi satmak hakynda Şertnama gol çekildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow sişenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde habar berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu şertnama türkmen wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna saparynyň dowamynda gol çekildi.

Bu şertnama ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakda hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde, şeýlelikde, döwletara syýasy, ykdysady hyzmatdaşlygyň barha ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Onuň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan ugrunyň hem üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüler, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Belläp geçsek, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy we Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewi 2020-nji ýylyň 4-6-njy martynda Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparyna ugratdy. Ýurdumyzyň nebithimiýa toplumynyň önümlerini ýerlemegiň mümkinçiliklerini öwrenmek saparyň esasy maksatlarynyň biri boldy.

Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparynyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Meňzeş täzelikler

2014