OPEC bazar ugrunda göreşde nebitiň çykarylyşyny 2020-nji ýylda – 0,5 mln b/g, 2021-nji ýylda 0,2 mln b/g artdyrar - EIA

OPEC 6-njy martda geçen OPEC+ mejlisiniň netijeleri boýunça dünýäniň nebit bazaryny deňagramly ýagdaýa getirmegi däl-de, onuň bir paýyny eýelemegi maksat edip goýar. Bu barada INTERFAKS ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň energetika maglumatlary müdirliginiň (EIA) aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.

EIA-nyň çaklamagyna görä, 2020-nji ýylyň aprel-dekabr aýlarynda OPEC döwletlerinde nebitiň ortaça günlük çykarylyşy birinji çärýekdäki 28,7 mln b/g bilen deňeşdireniňde 29,2 mln barrele ýeter.

2021-nji ýylda, bilermenleriň çaklamagyna görä, OPEC döwletleriniň nebit çykarylyşy 29,4 mln b/g çenli artar.

Meňzeş täzelikler

2014