Döwlet Baştutany Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Onuň dowamynda maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetimiziň esasy pudagyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, öňdebaryjy halkara tejribäni, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işlerini yzygiderli kämilleşdirmek wezipeleri maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýewiň we Myrat Arçaýewiň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek, täze nebitgaz känlerini gözlemek hem-de özleşdirmek işlerini ylmy esasda alyp barmak boýunça Prezidentiň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary berildi.

Şeýle hem ýurduň gazhimiýa pudagynyň ösüşini tizleşdirmäge, gaz känleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, maýa goýum taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga, pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmäge gönükdirilen halkara derejeli çäreler barada habar berildi.

Hasabatyň çäklerinde nebitgaz toplumy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, pudagyň ähli düzümlerine täzeçil usullary, döwrebap tejribeleri, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi.

Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň hem ylmy esasda ösdürilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Milli Liderimiz häzirki döwürde bu ugry ylmy esasda ösdürmek işleriniň has-da işjeňleşdirilmegi babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek hem-de nebitgaz senagatynyň gaýtadan işleýän toplumyny ylmy esasda ösdürmek meselelerine ähmiýet berilmelidir.

Prezidenti munuň özi önümçilik kuwwatlyklarynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda, pudagyň köpugurly esasda ösdürilmeginde, şeýlelikde, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, şu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Gyýanlyda we Garabogazda gurlan gazhimiýa toplumlarynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetik benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň işini has-da giňeltmek, bu kärhanalaryň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak häzirki günüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, Prezident sözüni dowam etdi.

Türkmen Lideri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeleriň kesgitlenilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, toplumyň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we sanlylaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny giňden beýan etmegiň we umuman, bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çaltlandyrylmagynyň zerurdygyny belläp, TOPH gaz geçirijisiniň sebitiň ýurtlarynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde hem-de ykdysady durnuklylygyň pugtalandyrylmagynda eýeleýän oňyn orny barada giň jemgyýetçiligiň habardar edilmelidigini aýtdy.

Milli Lider nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümlerini giňeltmegiň zerurdygyny belledi. Bu babatda tebigy gazy gaýtadan işlemek we önümleriň täze görnüşlerini çykarmak biziň üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Döwlet Baştutany häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny, onuň gowy netijeleri berýändigini belläp, nebitgaz toplumynyň önümlerini ýerlemek boýunça bazary öwrenmek üçin hem-de bu ugur boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny pugtalandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny köpugurly esasda ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň wajypdygyny belledi hem-de ýolbaşçylara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Meňzeş täzelikler

2014