Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer, daşary işler ministrini we «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçysyny Marokko gulluk iş saparyna ugratdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow we Döwlet ministri - «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýew 2020-nji ýylyň 4-6-njy martynda Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparyny amala aşyrar. Degişli tabşyrygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni ýurduň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda berdi.

Marokko Patyşalygyna gulluk iş saparynyň barşynda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurdumyzyň nebithimiýa toplumynyň önümlerini ýerlemegiň mümkinçilikleri öwreniler.

Türkmen Lideri Marokkonyň Patyşasyna halkara derejede bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak baradaky çakylygy gowşurmagy tabşyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014