Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmeli

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça işleri işjeňleşdirmek zerur. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda belledi.

Döwlet Baştutany hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildiren kompaniýalar bilen gepleşikleri dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmäge gatnaşmak mümkinçiliginiň daşary ýurt maýadarlary üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigini belledi.

Prezident bu baradaky gürrüňi dowam edip, nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bar bolan mümkinçilikleriň guralýan halkara maslahatlarda, işewürlik forumlarynda doly açylyp görkezilmelidigini belledi. Ykdysady taýdan bähbitli taslamalar, şol sanda täze gazhimiýa toplumlaryny gurmak teklip edilmelidir, ykdysady taýdan maksadalaýyklygy boýunça şolary tapgyrlara bölmek zerur bolup durýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen Lideri häzirki döwürde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde pudagyň düzümlerine häzirki zaman tejribelerini, täzeçil usullary ornaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak wezipeleriniň durýandygyny belläp, şol işleriň bu ugruň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidigini aýtdy.

Prezidentiň belleýşi ýaly, gazhimiýa senagatyny ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak, çykarylýan önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek möhüm wezipe bolup durýar. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp, gazhimiýa senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine uly ähmiýet berilmelidir.

Meňzeş täzelikler

2014