Katar Türkmenistandaky iri taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Geçen şenbe güni Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary derejedäki saparlarynyň däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we ösdürmek üçin güýçli itergi berýändigini bellediler.

Taraplar, şeýle hem Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň indiki mejlisine taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly meseleleriň hem üstünde durup geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Kataryň DIM-niň ýolbaşçysy ýokarda agzalan Hökümetara toparynyň indiki mejlisine işjeň taýýarlyk görülýändigini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek mejlisiň dowamynda iki ýurduň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny hem-de ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada aýtdy.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy. Katar tarapy Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

Belläp geçsek, 2017-nji ýylyň martynda Katara resmi saparynyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň iri işewür toparlaryny Türkmenistana maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, gazy gaýtadan işleýän, nebithimiýa we gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygyna, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebit we gaz känlerini özleşdirmäge, nebitgaz toplumy üçin enjamlary getirmäge gatnaşmaga çagyrdy.

Şol gezek hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, himiýa we lukmançylyk senagaty agzalyp geçildi.

Meňzeş täzelikler

2014