Maryda «Türkmengaz» döwlet konserniniň nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasy dabaraly ýagdaýda açyldy

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Binanyň ulanmaga berilmegi mynasybetli çärä ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de talyplar gatnaşdylar.

Desga bu konserniň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.

Täze desganyň umumy meýdany 2 müň 927 inedördül metrden gowrakdyr. Bu binada ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, amaly okuwlary geçmek üçin döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen okuw otaglarynyň 16-sy ýerleşýär.

Täze okuw binasynda talyplar dört ugur boýunça: mehanika (maşyn gurluşygyň tehnologiýasy), senagat enjamlary (senagat abzallaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak), elektrik (elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy) hem-de informasiýa we hasaplaýyş tehnikasy (maglumat ulgamlary) bilim alarlar. Umuman, mekdebiň düzümindäki bu täze okuw binasy 240 okuwça niýetlenendir.

Täze okuw binasynda işlejek mugallymlaryň ählisi hünär derejelerini ýokarlandyrmak hem-de okatmagyň iň döwrebap usullaryny ele almak üçin daşary ýurtlarda hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.

Täze okuw binasynyň ähli düzümi dolandyryş desgasyny, okuw binalarynyň (täzesini hem hasaba alanyňda) üçüsini hem-de talyplaryň 250 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny özünde jemleýär. Häzirki wagtda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin geljekki hünärmenleriň 1 müň 900-si bilim alýar.

Diňe ugurdaş hünärler we sanly tehnologiýalar boýunça okuw mekdebi her ýyl ýaşlaryň 700-sini kabul edýär. Şol ýaşlar 18 hünär boýunça bilim alýarlar.

Başlangyç we orta hünär biliminden başlap, ýokary hem-de ýokary okuw biliminden soňky ýagdaýa çenli hünärmenleri okatmagyň köp basgançakly ulgamynyň ösdürilmegine nebiti gaýtadan işleýän pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, onuň ýokary goşulan bahasy bolan önümleri döretmäge tarap ugur almagy babatda hem uly isleg bildirilýär.

Meňzeş täzelikler

2014