Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan gelen telekeçiler nah ýüplük we mata, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 
1 million 266 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 528 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 59 million manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we haly önümlerini satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014