«Türkmengaz» DK-nyň ulag müdirligi: döwrebap tehnikalar iş depginini ýokarlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ulag müdirliginde hereket edýän ýöriteleşdirilen tehnikalaryň üsti yzygiderli ýetirilip durulýar. Kuwwatly we ýokary öndürijilikli awtomobiller, traktorlar we beýleki döwrebap awtotehnikalar «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň buraw desgalaryna, şeýle hem «Türkmengaz» DK-nyň beýleki kärhanalaryna we desgalaryna ýükleri daşamagyň tizleşmegine ýardam edýär.

Geçen ýylda bu müdirlik boýunça ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 47 mln 400 müň manat, daşalan ýükleriň möçberi bolsa, 315-400 tonna töweregi boldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde tehnikalaryň ähli görnüşleri peýdalanylýar. 1422 mm diametrli turbalar demir ýol ulaglary arkaly daşalýar. Soňra kebşirleme işleri geçirilýär we ondan soň ýörite ulag serişdeleri arkaly olar bellenilen ýerine eltilýär.

Ýöriteleşdirilen ýük göterijiler, ýük ulaglary köp ýyllyk iş tejribesi bolan sürüjilere berkidilýär. Müdirligiň işgärleri bu günki gün toparyň işiniň ýokary depginini üpjün edýärler.

Merkezi ussahanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär taýýarlygy we jogapkärçiligi ýokary önümçilik görkezijilerine ýetmekligi üpjün edýär. Olaryň sany bolsa, 60 adamdan gowrakdyr. Kebşirleme-montaž we beýleki işlerde öňdebaryjy tehnologiýalar we ýöriteleşdirilen enjamlar peýdalanylýar. Şeýle hem ýokary hilli we barlagdan geçen materiallar ulanylýar.

Täze tehnologik enjamlaryň, mehanizmleriň we ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň satyn alynmagy kärhanalaryň we guramalaryň tehniki binýadyny berkitmäge ýardam edýär.

Meňzeş täzelikler

2014