«Türkmennebit» DK-nyň düzümlerinde innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy — nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň girewi

«Türkmennebit» döwlet konserni ýurdumyzyň ykdysady ösüşine düýpli goşandyny goşýar. «Gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmak, nebitgaz guýularyny senagat taýdan özleşdirmek maksady bilen ýerastyny, guýularyň geçelgelerini, nebitiň çykarylyşyny derňemegiň köp sanly tehnologiýalary we usullary ornaşdyryldy. Netijede 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda konsern boýunça goşmaça çykarylan nebitiň möçberi 2310 tonna barabar boldy.

«Türkmennebit» DK-nyň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň hünärmenleri bu üstünlige önümçilikde täze tehnologiýalary we enjamlary peýdalanmagyň hasabyna ýetdiler. Şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 6 mln 654 müň manada, ýerine ýetirilen işlerden goşmaça özleşdirilen serişdeler bolsa, 1 mln 349 müň manada deň boldy.

Balkan welaýatynda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman barlaghanalar hereket edýär. Bu barlaghanalaryň ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri plastlaryň gurluşy we aýratynlyklary hakynda doly we anyk maglumat almak üçin barlaglary geçirýärler.

Häzirki wagtda müdirligiň hünärmenleri Türkmenistanyň Günbatarynda känleri gözlemek, öwrenmek we özleşdirmek boýunça maksadalaýyk işleri alyp barýarlar. Soňky birnäçe ýylyň içinde müdirlikde innowasion tehnologiýalar, ýörite geofiziki enjamlar ornaşdyryldy. Olar bellenilen meýilnamalara ýetmäge mümkinçilik berýär. Netijede bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ösdürilýär.

Meňzeş täzelikler

2014