Türkmenistanyň Prezidenti ýylyň ahyryna çenli ähli edara-kärhanalara web-saýtlary döretmegi we elektron resminama dolanyşygyny girizmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara — hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işe girizmek bellenildi.

Bu çäreler Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014