Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumy üçin ýokary hünär taýýarlyk hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçiren hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň gurluşyk işleriniň tamamlanandygy barada hasabat berdi.

Bu orta hünär okuw mekdebinde geljekde nebitgaz toplumynda zähmet çekjek hünärmenleriň 1900-si bilim alýar. Okuw mekdebine her ýylda ýaşlaryň 700-si kabul edilip, nebitgaz hünäri hem-de sanly ulgam bilen bagly bilim berilýär.

Mekdebiň binasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň sanawyna goşuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi göz öňünde tutýan resminamalaryň taslamalary hem hödürlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýändigini belledi. Bu ugurda ýurdumyz pudagy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek, energiýa serişdelerini daşary bazarlara ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek, nebitiň we gazyň çykarylýan, şol sanda täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna olaryň mukdaryny artdyrmak boýunça strategiýany amala aşyrýar.

Şonuň bilen bir hatarda, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge we halkara ölçeglere kybap gelýän hem-de içeri we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri çykarmaga ýöriteleşdirilen döwrebap önümçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, Ahal welaýatynda gurlan zawody mysal hökmünde görkezdi. Şol ýerde dünýäde ilkinji tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki benziniň önümçiligi senagat möçberinde ýola goýuldy.

Döwlet Baştutany ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagynyň pudagyň innowasion taýdan ösdürilmegini üpjün edip, dünýäniň energetika döwleti hökmünde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrýandygyny belledi.

Umuman, bularyň hemmesi energetika ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda kanunçylygyň halkara kadalaryna kybap gelýän amatly maýa goýum ýagdaýynyň bolmagy Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklarynyň esasyny düzýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini belläp, munuň öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary we täze ylmy-tehniki işleri özleşdirmäge ýardam edýändigini aýtdy.

 «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylmagy hem-de onda okuwlaryň guralmagy babatda degişli görkezmeler berildi.

Prezident ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi. Milli Liderimiz şol resminamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Meňzeş täzelikler

2014