Dubaýdaky roud-şüweleňinde Türkmenistanyň daşary hyzmatdaşlarynyň taýýar önümi paýlaşmak şertnamasy taslamasy boýunça işleriniň netijeleri aýdyldy

Dubaýda (BAE) tamamlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» halkara maslahatynda Türkmenistanda taýýar önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda nebit we gaz çykarýan birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň işiniň netijeleri habar berildi.

«Türkmengaz», «Türkmennebit» DK-nyň we bilelikdäki guramaçy hökmünde Gaffney, Cline & Associates britan kompaniýasynyň gurnamagynda Dubaýda geçirilen «OGT-2020» roud-şüweleňine dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden 113 iri kompaniýadan 300 sany wekil gatnaşdy.

Hususan-da, forumda habar berlişi ýaly, «Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.» (BAE) kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Çeleken» şertnamalaýyn çäginde 2000-nji ýyldan bäri 2020-nji ýylyň başyna çenli döwürde 45 mln tonnadan gowrak nebit çykardy. Taslama goýlan maýalaryň jemi möçberi $7 mlrd.

1997-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň günbatar sebitinde «Nebitdag» şertnamalaýyn zolagynda işleýän «ENI (Turkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň jemi maýa goýumlary 2020-nji ýylyň başyna çenli döwürde $2,1 mlrd-dan gowrak bolup, taslamanyň çäklerinde 18 mln tonna nebit çykaryldy.

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň gündogarynda «Bagtyýarlyk» çäginde şertnamalaýyn esasda hereket edýän «CNPC-niň» maýa goýumlary $8,2 mlrd-dan geçdi. Jemi 1,5 mln tonnadan gowrak kondensat we 100 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz çykaryldy. Şolardan 93 mlrd kub metri eksport edildi.

Forumda şeýle hem beýleki daşary ýurt kompaniýalarynyň işleri barada bellenildi. Şolaryň hatarynda «Türkmennebit» DK-nyň we awstriýanyň «MITRO International Ltd.» kompaniýasynyň gatnaşmagyndaky «Hazar» konsorsiumy, Malaýziýanyň «Petronas», Kanadanyň «Buried Hill Serdar Ltd.», «ARETI»  halkara kompaniýalar topary bar.

Dubaýdaky pudaklaýyn forumyň barşynda türkmen wekiliýeti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi we Türkmenistan bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildiren daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň anyk tekliplerini ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň düzümine şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri girdi.

Türkmenistanyň energetika we gazhimiýa taslamalaryna gatnaşamaga gyzyklanma bildiren kompaniýalaryň hatarynda — fransuzlaryň «Total» we «Technip FMC», italýanlaryň «Marie Technimont», şeýle hem Italiýanyň maliýe institutlarynyň serişdelerini çekmek bilen — SACE, Beýik Britaniýanyň - UK Finance we Germaniýanyň - Deutche Bank edaralary bar.

Täze tehnologiýalaryň we usullaryň esasynda öňden ulanylyp gelinýän nebit känleriniň öndürijiligini  ýokarlandyrmak taslamalaryna gatnaşmak teklipleri BAE-niň «Horizon Energy» we «Transpetrol», rumynlaryň «Komet Group» kompaniýalaryndan geldi.

«Petrofac» (BAE) kompaniýasy gazkondensatly «Galkynyş» känini özleşdirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge gyzyklanma bildirdi. «Dragon Oil» (BAE) kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk wagtynda «Çelekn» şertnamalaýyn çäginde häzirki bar bolan we meýilleşdirilýän işler maslahatlaşyldy.

Italýanlaryň «Saipem» we «Pietro Fiorentini», şeýle hem araplaryň «Dana Group» kompaniýalary hem Türkmenistanyň nebitgaz taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi.

«Gaffney Cline Associated» britan konsalting kompaniýasynyň wekili häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen böleginde täze geofiziki maglumatlar boýunça seljermek işleriň alnyp barylýandygy barada habar berdi.. Bu maglumatlar maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça teklipleriň toplumyny taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014