Yug-Neftegaz Private Limited Türkmenistanyň ýangyç-energetika maýalaryny artdyrýar

Yug-Neftegaz Private Limited singapur kompaniýasy «Türkmennebit» döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama esasynda 2020-nji ýylda Türkmenistandaky taslama $70 million maýa goýar. Bu barada 24-25-nji fewralda Dubaýda (BAE) geçirilen  «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» halkara maslahatynda bellenilip geçildi.

Foruma dünýäniň 40 döwletinden 113 sany iri kompaniýalaryndan 300 sany wekil gatnaşdy. Çäräniň maksady – Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek.

Yug-Neftegaz Private Limited we «Türkmennebit» DK 2008-nji ýylda Türkmenistanyň günbataryndaky guýulary düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça şertnama gol çekdiler.

Şertnamanyň hereket eden döwründen 2020-nji ýylyň başyna çenli potratçy 1544 sany guýuda düýpli abatlaýyş işlerini geçirdi. Işleriň netijesinde bu guýularda goşmaça nebitiň çykarylyşy 2,5 mln tonnadan geçdi. Kompaniýanyň taslama goýan maýa goýumy $369 milliona deň boldy.

2020-nji ýylda şertnama laýyklykda, «Türkmennebit» konserniniň 80 sany nebit guýusynyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işler meýilleşdirildi. Olardan 105,3 müň tonna goşmaça nebit almak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, 6 sany täze guýy burawlanylar. Olar takmynan 54,5 müň tonna nebit akymyny üpjün eder.

Belläp geçsek, 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» halkara maslahatynda Yug-Neftegaz kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiý «Türkmennebit» DK bilen şertnamanyň esasynda kompaniýanyň Türkmenistanyň günbataryndaky Günbatar Gorutdepe käninde azyndan 60 sany guýuda buraw işlerini geçirer. Bu bolsa, uzak wagtyň dowamynda ulanyşda bolan nebitpromyselinde täze nebit akymynyň artdyrmaga mümkinçilik berer.

Meňzeş täzelikler

2014