Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurtly maýalary çekmek boýunça işler dowam edýär

Şu gün Dubaý şäherinde (BAE) Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurtly maýalary çekmek boýunça halkara forumy öz işini dowam edýär

Öň habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan pudaklaýyn foruma 40-a golaý ýurtdan iri kompaniýalaryň 100-den gowragy gatnaşýar.

Ýöriteleşdirilen forumyň birinji güni dünýäniň nebitgaz işewürleriniň uglewodorod serişdeleriniň düýpli goruna eýelik edýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ägirt uly isleg bildirýändiklerini aýdyňlygy bilen görkezdi.

24-nji fewralda bu ýerde «TOPH — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisi» atly halkara maslahaty, şeýle hem iki sany iş maslahaty geçirildi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklarynyň ösüşiniň geljegi, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek üçin maýa goýumlary çekmek ara alnyp maslahatlaşyldy,

Edilen çykyşlarda aýratyn bellenilişi ýaly, bu ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebit gaz toplumyny ählitaraplaýyn ösdürmegine, onuň halkara energetika ulgamyna utgaşmagyna, ýurdumyzyň dünýä bazarlaryndaky ornunyň berkidilmegine gönükdirilen energetika syýasaty ählitaraplaýyn ýardam edýär.

Türkmen Lideriniň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy nusgasyny emele getirmek, ýurtlaryň ählisiniň elýeterli we ekologiýa taýdan arassa energiýa giň elýeterliligini üpjün etmekm Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ulgamynda möhümligi bellenilip geçildi.

Şu gün forumyň barşynda iki sany tematiki sessiýalar geçirildi — «Nebitgaz känleriniň öndürijiligini artdyrmak we maýa goýum taslamalary boýunça hyzmatdaşlygyň täze mehanizmleri», «Uglewodorodlaryň çuňlaşdyrylyp gaýtadan işlenilmegi we marketing — geljege nazar».

«Türkmennebit» döwlet konserniniň we Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylary alyp barýan işlerine syn berdiler, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem iş tejribesini paýlaşdylar.

Şeýle hem dünýäniň gaz bazarynyň ösüşiniň mümkinçilikleri hem-de gaz pudagynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň nebitgaz senagatyna ornaşdyrylmagy bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary bilen olaryň potensial hyzmatdaşlarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Onuň barşynda nebitgaz senagatynyň dürli ulgamlarynda täze bilelikdäki taslamalar bilen bagly anyk tekliplere seredilip geçiler.

Meňzeş täzelikler

2014