Geçen hepdäniň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we peç ýangyjyny satyn aldylar. «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den we beýleki ýurtlardan gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Russiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Azerbaýjandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna lukmançylyk maksatly (üç örtükli maska) serişdeleri, buýan köküniň erginini we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 754 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 161 müň 700 manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Meňzeş täzelikler

2014