Uzynada meýdançasynda uglewodorodlaryň täze akymy alyndy

Uzynada meýdançasynda №1 gözleg guýusyny synagdan geçirmegiň çäklerinde 6746-6752 metr aralykdaky gyzyl reňkli çökündilerden 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda günlük debiti 106 müň kub metr tebigy gaza we 143 tonna gaz kondensatyna deň bolan çig mal akymy alyndy.

Hazarýaka sebitinde ýerleşen, geljegi uly bolan Uzynada meýdançasy «Türkmennebit» DK-nyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen geologo-gözleg işleriniň netijesinde açyldy. Bu ýerde ýurdumyzda ilkinji aşa çuňlukdaky guýy burawlanyldy. Ony synagdan geçirmegiň çäklerinde 2017-nji ýylyň 28-nji aprelinde 6689-6695 metr interwalda günlük debiti 115 müň kub metr tebigy gaz we 134 tonna gaz kondensatyna barabar bolan uglewodorod akymy alyndy.

2017-nji ýylyň iýunynda Uzynada meýdançasynda taslama çuňlugy 7000 metrden geçýän aşa çuňlukdaky guýy burawlandy. Ony üstünlikli synagdan geçirmegiň dowamynda 2019-njy ýylyň aprelinde 6647-6655 metr interwalda günlük debiti 125 müň kub metr tebigy gaz we 129 tonna gaz kondensatyna barabar bolan uglewodorod akymy alyndy.

Guýulary işläp taýýarlamaklyk gije-gündizleýin esasda, «Shlumberger» halkara korporasiýasy tarapyndan burawlamak proseslerini gözegçilik etmek we modelirlemek üçin işlenip düzülen ulgamlaýyn toplumyň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Plastlary işläp taýýarlamakda ýokary berklikdäki polatdan taýýarlanylan we almaz tyglary bilen armirlenen almaz dolotolary peýdalanylýar. Ornaşdyrylýan tehnologiýa guýynyň gorizontal seksiýasyny rekord möhletlerde burawlamaga mümkinçilik berdi, netijede burawlama wagty gysgaldyldy we maliýa çykdajylary azaldyldy, şeýle hem buraw ergininiň ýitgisiniň öňi alyndy.

Häzirki wagtda «Türkmennebit» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri geljegi uly bolan bu meýdançanyň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek maksady bilen, onda geologiýa gözleg işlerini dowam edýärler.

Meňzeş täzelikler

2014