Täjigistan Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirýär

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň çäklerinde Täjigistanyň çäklerinde birinji desganyň gurluşygy eýýäm 2020-nji ýylda tamamlanar, diýip «TajikTA» habar berýär. Rudaka etrabynyň çäklerinde birinji tonneliň gurluşygy hem tamamlanyp barýar. Ýakyn wagtda bu gaz magistralynyň beýleki desgalarynyň gurluşygy başlanar.

Merkezi Aziýa gaz geçirijisiniň D şahasynyň umumy uzynlygy 966 kilometre deňdir. Bu şaha Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Hytaýyň çäklerinden çekiler. Täjigistanyň territoriýasy boýunça onuň uzynlygy 400 kilometre ýeter. Gaz geçiriji umumy uzynlygy 63 kilometr bolan 42 sany dag tonnellerinden geçer.

D şahasy boýunça Hytaýa her ýylda 25-30 mlrd kub metr «mawy ýangyç» iberiler. Garaşylyşy ýaly, onuň ulanyşa girizmegi bilen Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Türkmenistandan Hytaýa iberilýän gazyň möçberi ýylda 65 mlrd kub metre ýeter.

2019-njy ýylda Hytaýa Merkezi Aziýadan, esasan, Türkmenistandan 47,9 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi.

Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanyşa girizildi we 10 ýyl ulanyşyň dowamynda bu gaz magistraly boýunça HHR-e umumy alanyňda 300 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi.

Meňzeş täzelikler

2014