2019-njy ýylda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Hytaýa 47,9 mlrd kub metr gaz eksport edildi

2019-njy ýylda Merkezi Aziýa – Hytaý transmilli gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 47,9 mlrd kub metr tebigy gaz iberildi, diýip Sinhua agentligi PetroChina West Pipeline Company-nyň maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.

2018-nji ýylda Merkezi Aziýadan Hytaýa iberil gazyň möçberi 47,49 mlrd kub metre barabar bolup, onuň aglaba bölegi türkmen tebigy gazynyň paýyna düşýär.

Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizildi. Onuň ulanyşa girizilen wagtyndan bäri Hytaýa umumy alanyňda 300 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz eksport edildi. Bu möçberiň 80 göterimden gowragyny Türkmenistan üpjün etdi.

Hökümetara ylalaşyga laýyklykda, Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) ulanyşa girizilmegi bilen Hytaýa iberilýän gazyň diňe Türkmenistandan gidýän möçberi ýylda 65 mlrd kub metre çenli artar.

Meňzeş täzelikler

2014