Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar – ÝB-niň wekili

Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de türkmen gazynyň kabul edilmegi energetika howpsuzlygy ulgamynda Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasynyň möhüm bölegi bolmagynda galýar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Lýubomir Frebort Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara hyzmatdaşlygyndaky ähmiýetine bagyşlanan maslahatda aýtdy.

Şoňa görä-de, bu taslamany täze Ýewropa komissiýasy ýakynda ileri tutulýan energetika taslamalarynyň täzelenen sanawyna girizdi. Biz 2019-njy ýylda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn energetika ulgamyna degişli gatnaşyklarymyzy işjeňleşdirdik hem-de bu gatnaşyklary has-da ilerletmäge taýýardyrys.

Frebortyň şeýle hem nygtaýşy ýaly, 28-nji fewralda Bakuda geçiriljek «Günorta gaz geçelgesi» boýunça Konsultatiw geňeşiniň mejlisi «ÝB – Türkmenistan» gepleşiklerini ýokary derejede geçirmek üçin oňat mümkinçilik bolar.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda bu strategiýany Türkmenistanda amala aşyrmak maksady bilen hereket etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin simpozium geçirmegi teklip etdi. Ýewropa Komissiýasynyň goňşuçylyk we ösüş boýunça täze guraly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň täze ikitaraplaýyn maksatnamalaryny hödürlemäge Ýewropa Bileleşigine mümkinçilik berer. Munuň üçin 93,1 mlrd ýewro bölünip berildi.

Türkmenistany «Günorta gaz geçelgesine» birikdirmek üçin türkmen we azerbaýjan kenarlaryny birleşdirýän Hazarüsti gaz geçirijisini gurmak zerur. Türkmenistan Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa we ÝB bilen bu gaz geçirijini gurmak mümkinçiligini maslahatlaşýar.

Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, 2018-nji ýylyň awgustynda hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döredýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014