Nebitçiler üçin täze jaýlar

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» gazçykaryş müdirliginiň işgärleri üçin iki sany ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. täze jaýlaryň açtktşy Halkara Bitaraplyk gününe we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Ýaşaýyş toplumy Bugdaýly obasynyň çäginde ýerleşýär. Jaýlaryň daşky bezegi özüne çekiji dizaýna eýe, otaglaryň tämizligi we ýagtylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär.

Her birinde 16 iki we üç otagly öýler bolan iki sany ýaşaýyş jaýyny «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazçykaryş» trestiniň gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri amala aşyrdylar. Bu ýerde müdirligiň işgärleriniň rahat ýaşamagy üçin ähli şertler döredilipdir.

Açylyş dabarasyna Balkan welaýatynyň we Esenguly etrabynyň dolandyryş merkeziniň ýolbaşçylary we wekilleri, «Türkmennebit» DK-nyň kärhanalarynyň edaralarynyň wekilleri, welaýat ýaşululary we beýlekiler gatnaşdy.

Welaýatyň döredijilik toparlarynyň, şol sanda häzirki zaman we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary çärä aýratyn şowhun çaýdy.

Balkanabat şäherinde hem üç we dört otagly iki sany ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanyşa berilmegi mynasybetli dabaralar geçirildi. Desgalar Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň işgärleri tarapyndan günbatar sebitiň dolandyryş merkeziniň kiçi etrapçalarynyň birinde guruldy. «Balkantelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmenleri jaýlaryň eýeleri boldular.

Meňzeş täzelikler

2014