Nebitgaz, oba hojalyk we senagat toplumlarynyň harytlyk önümleriniň birža söwdalaryny geçirmegiň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlarynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibini tassyklap, Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça gözegçilik geňeşi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlaryna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Döwlet haryt-çig mal biržasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Täze tertip sarp ediş bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, geleşikleri baglanyşmagyň düzgünlerini tertipleşdirmäge, elektron söwdalary geçirmäge şertleri döretmäge, biznes-işlere gözegçiligi gowulandyrmaga, harytlara amatly nyrhlary emele getirmäge we eksportuň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir.

 

Meňzeş täzelikler

2014