Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

Siziň ähliňizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin – diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk Gutlagynda aýdylýar.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatymyz netijesinde, soňky ýyllarda nebitgaz pudagynda köp sanly iri möçberli taslamalar amala aşyryldy. Dünýä möçberinde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny özünde jemleýän «Galkynyş» käniniň çalt depginler bilen özleşdirilmegini, tebigy gazyň akdyrylyşynyň bir bitewi ulgama birikdirilmegini üpjün edýän «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijisiniň gurulmagyny, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň işe girizilmegini, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup, ulanmaga berilmegini we birnäçe beýleki iri taslamalary muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Sebit hem-de goňşy döwletler üçin örän uly ähmiýeti boljak Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hem güýçli depginlerde alnyp barylýar. Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazyň uzak möhletleýin iberilmegini amala aşyrjak bu gaz geçirijiniň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş we ynsanperwer meseleleriň çözülmegine, parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň düzümini täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna baýlaşdyrmak babatda ençeme taslamalary durmuşa geçirdik we ýene-de şeýle taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri dowam ederis.

Ýakyn wagtda biz ýurdumyzyň sebitlerinde gazhimiýa toplumlarynyň we zawodlarynyň ýene-de birnäçesini gurmagy göz öňünde tutýarys. Olar tebigy gazy düýpli gaýtadan işläp, alynýan önümleriň görnüşini we möçberini has-da artdyrmaga, pudagy toplumlaýyn diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge oňyn şertleri döreder.

Ylmyň we tehnikanyň häzirki ösen döwründe çig nebitiň we nebit önümleriniň ulanylyşy barha artýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda nebithimiýa pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugry ösdürmek, baý uglewodorod serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleriň öndürilmegi muňa şaýatlyk edýär we geljekde bu zawodlar toplumynda täze tehnologik desgalar gurlar.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ählumumy hem-de sebit derejesinde ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän sanly-innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen, nebit we gaz ýataklarynda netijeli iş alyp barmak zerurdyr.

Zähmetsöýer türkmen nebitçileriniň, gazçylarynyň, geologlarynyň öňde goýlan ähli wezipeleri abraý bilen berjaý etjekdiklerine berk ynanýaryn — diýlip Gutlagda aýdylýar.

Meňzeş täzelikler

2014