Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabe bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň işewürligi ösdürmäge örän amatly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny ýokary derejede pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine Türkmen Liderini ynandyrdy.

Iň oňat dünýä tejribesini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge uly ähmiýet berilýän milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ahal welaýatynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň gatnaşmagynda bina edilen tebigy gazdan sintetiki awtomobil benzinini öndürýän topluma aýratyn üns berildi. Çig maly düýpli arassalamak boýunça ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde bu kärhana dünýä tejribesinde iň innowasion häsiýetli önümçilikleriň biri bolup durýar. Zawodyň çykarýan önümleri hil we ekologiýa talaplary boýunça halkara ölçeglere kybap gelýär.

Şulardan ugur alnyp, şunuň ýaly toplumyň ýene-de biriniň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.  Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» we «Sojitz Corporation» kompaniýalar toparynyň arasynda degişli ähtnama gol çekildi.

Işewüriň aýdyşy ýaly, Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de gerimini giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýän «Kawasaki» kompaniýasy öz ähli tejribesini we iň täze tehnologiýa işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardyr.

 

Meňzeş täzelikler

2014