Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

12-nji dekabrda Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Şanly baýramçylyk mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, işewürler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar bar.

Ýetip gelýän 2020-nji ýylyň hem möhüm waka beslenjekdigi bellärliklidir. Öňümizdäki ýylda Watanymyzyň BMG tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy bellenip geçiler. Ýokary guramaçylyk derejesinde belleniljek bu şanly senä taýýarlyk görmek işleri eýýäm badalga aldy.

«Bitaraplyk biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýän, halkara gatnaşyklaryny many-mazmun taýdan baýlaşdyrýan we onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gurala öwrüldi. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgama geçmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Täze şäherdir obalary, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri innowasion senagat-önümçilik toplumlaryny gurýarys» - diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň baýramçylyk gutlagynda bellenilýär.

Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalary, Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris – diýlip Gutlagda bellenilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014