Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, bir aý möhletde degişli pudak meýilnamalarynyň taslamalaryny taýýarlamak we olary Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda döwlet Baştutany ýurdumyzyň daşary ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly möhüm wezipeleri kesgitläp berdi.

Hususan-da, Prezidentiň belleýşi ýaly, geljek ýyl biz Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça (ÝUNKTAD), Senagat ösüşi boýunça (ÝUNIDO) Konferensiýalary, Bütindünýä söwda guramasy ýaly düzümleri hem-de ýöriteleşdirilen birnäçe beýleki halkara düzümleri bilen ýurdumyzyň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça öňe uly ädimleri ätmelidiris.

«Munuň üçin Bitarap döwletimiz, ilkinji nobatda, goňşularymyz we beýleki ýurtlar bilen dostlukly, özara hormatlamak gatnaşyklaryny ileri tutmak esasynda ýola goýmagy dowam eder. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri, Owganystan, Eýran, Azerbaýjan bilen däbe öwrülen dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Biz Türkiýe bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge hem uly üns bereris» diýip döwlet Baştutany belledi.

«Köp asyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhy tejribesine daýanyp, biz Russiýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de giňelderis».

«Türkmenistan indi köp ýyllaryň dowamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli we ähmiýetli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Biz Hytaý bilen köptaraply gatnaşyklarymyzy giňeltmek üçin geljekde hem bar bolan ähli mümkinçiliklerimizi peýdalanarys».

«Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa hem ýurdumyz bilen netijeli syýasy we ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Häzirki döwürde bu döwletler bilen bilelikdäki ykdysady we durmuş taslamalarynyň üstünlikli amala aşyrylan ençeme anyk mysallaryny görkezip bolar» - diýip Prezident belledi.

— Biz ýurdumyzy özara gatnaşyklaryň gadymy taryhy birleşdirýän Hindistan we Pakistan bilen hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam ederis. Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýoly bilen barýar. Ýakyn wagtda bu sebitdäki hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli zerur işleri geçireris.

Ýewropa döwletleri ýurdumyzyň hemişe ygtybarly hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Biz geljek ýylda Ýewropa ýurtlary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny täze, has ýokary derejä çykarmak üçin ähli zerur işleri etmegi göz öňünde tutýarys – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

— Biz Amerika kontinentiniň ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzy ep-esli işjeňleşdirdik. Şol ýurtlaryň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny aýratyn tapawutlandyrmak isleýärin. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň açyk we netijeli syýasy gatnaşyklary ykdysady, bilim we medeni hyzmatdaşlygymyzy üstünlikli ösdürmek üçin esas bolup durýar.

 

Soňky ýyllarda Afrika kontinentiniň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak üçin köp işler edýäris. Biz bu işi dowam ederis hem-de Afrika ýurtlary bilen özara saparlaryň sanyny artdyrarys.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, «biz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, strategik hyzmatdaşymyz bolan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropa Bileleşigi, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen arkalaşykly işimiziň gerimini giňelderis».

 

Meňzeş täzelikler

2014