OPEC+ ABŞ-nyň slanesli «altyn asyrynyň» ahyrlamagyny nygtaýar

ABŞ-da 2020-nji ýylda slanesli nebitiň çykarylyşynyň depgini haýallar. OPEC+ ýurtlarynyň ministrleriniň bu hili tassyklamasy duşenbe güni Bloomberg agentligi tarapyndan çap edilen materialda getirilýär, diýip TASS belleýär.

Onuň çeşmeleriniň garaýşyna görä, şu hepdede geçiriljek OPEC+ ministrler geňeşine gatnaşyjylar «nebitiň çykarylyşynyň şu wagtky derejesini peseltmek däl-de, ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar», «Munuň sebäbi näme? Olaryň pikirine görä, ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň tükeniksiz ösüş derejesiniň depgini indiki ýylda peseler» - diýlip materialda bellenilýär.

Neşirde bellenilişi ýaly, OPEC+ ABŞ-nyň slanesli «altyn asyrynyň» ahyrlamagyny nygtaýar.

Agentligiň maglumatlaryna görä, käbir pudaklaýyn hünärmenleriň belleýşi ýaly, ABŞ-da nebitiň çykarylyşynyň derejesi 2020-nji ýylda 2019-njy ýyldaky ýa-da geçen ýyldaky ýaly däl-de, ujypsyz ýokarlanar. Neşirde bellenilişi ýaly, OPEC ýurtlarynyň resmi wekilleriniň hataryndan çeşmeler dünýä boýunça nebite bolan islegiň çaklanylyşyndan has ýokary bolup biljekdigini belleýärler.

OPEC+ ýurtlary 2017-nji ýyldan bäri nebit çykarylyşyny ylalaşykly dolandyrýarlar. Iýul aýynda geçirilen duşuşykda olar nebitiň çykarylyşynyň derejesini 2018-nji ýylyň oktýabryndaky derejeden günde 1,2 mln barrele çenli çäklendirmek hakynda ylalaşygyň möhletini uzaltdylar. Şol möçberden OPEC ýurtlarynyň paýyna günde 812 müň barrel düşýär. Indi ylalaşyk 2020-nji ýylyň martynyň ahyrynda çenli hereket edýär. Çäklendirme boýunça esasy kwotalar ylalaşyga gatnaşyjy iri döwletleriň — Russiýanyň we Saud Arabystanynyň paýyna düşýär (degişlilikde, 228 müň we 322 müň barrel/gün).

5-6-njy dekabrda Wenada geçiriljek duşuşykda OPEC+ ýurtlary 2020-nji ýylyň martyndan soňky nebit çykaryşyň derejelerini maslahatlaşarlar.

Meňzeş täzelikler

2014