Uzynada meýdançasynda gözleg-barlag işleri dowam edýär

Türkmenistanyň günbatarynda täze nebit we gaz känleriniň gözleg we barlag işleri dowam edýär. Günorta Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» DK-nyň nebitçileri bilen birlikde «Türkmengeologiýa» DK-nyň hünärmenleri bilen gözleg-barlag işlerini alyp barýarlar.

Häzirki wagtda bu ýerde taslama çuňlugy 6500 m bolan barlag guýusyny gurmaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Seýsmiki barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan meýdança düýpli buraw işlerine taýýar edildi.

Käniň çäginde eýýäm taslama çuňlugy 7000 metrden geçen uly çig mal gorly senagat guýusy ulanylýar. «Türkmengeologiýa» DK-nyň bölümleri şeýle hem Uzynada-8 guýusynda buraw işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.

Mundan başga-da, Uzynada meýdançasynda çuňlugy 9000 metr bolan birnäçe guýyny burawlamak meýilleşdirildi. Nebitgazy ýüze çykarmak maksady bilen bu ýerde pliosen çökündili aşaky gyzyl reňkli plastyň üsti açylar.

Täze känleri gözlemek we özleşdirmek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň hatarynda durýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014