Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy türkmen ýangyç-energetika önümleriniň hasabyna artýar

Türkmenistanyň we Russiýanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösüşiniň täze derejesine çykdy. Şu ýylyň 9 aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 80 göterim ýokarlandy.

Russiýaly işewür toparlarda we telekeçilerde ýurdumyzyň polietilen we polipropilen önümleri uly gyzyklanma döretdi. Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistandan import edilýän harytlaryň sanawynda plastmass önümleri birinji ýerde durýar. Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna iberilen polimerleriň umumy bahasy 47 mln 665 müň amerikan dollaryna barabardyr.

2019-njy ýylyň 9 aýynda türkmen nebit önümleriniň eksportynyň bahasy 6,7 mln amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,8 esse köpdür.

 

Meňzeş täzelikler

2014