Nebitgaz senagaty: hünärmenler hünär derejesini ýokarlandyrýarlar

Nebitgaz toplumynyň ösdürilmegi ýurdumyz üçin strategik taýdan möhüm bolup durýar. hünärmenleriň we ýolbaşçylaryň bilim derejesine ýokary talaplar bildirilýär. Känleri işläp taýýarlamakda, önümçilikde we nebitgazy çykarmakda işlemeklik bolsa, professional taýdan ösmäge köpsanly mümkinçilikleri açýar.

Marynyň nebit we gaz orta-ýöriteleşdirilen mekdebi dürli ugurlar boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak we hünär taýdan gaýtadan taýýarlamak boýunça okuw sapaklaryny geçirýär. Okuw ugurlary känleri gözlemek we nebitgazy çykarmak, buraw guýularynda hem-de nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda önümçilik we enjamlary ulanmak, bazaryň bu böleginde seljermek we dolandyrmak bilen bagly işleriň ähli görnüşlerini öz içine alýar.

Bilim beriş okuwlary hünär derejesini ýokarlandyrmak we hünär taýdan gaýtadan taýýarlamak görnüşinde gurnalandyr. Ýokary ýa-da orta hünär bilimli diňleýjiler ol ýa-da beýleki ugur boýunça okuw geçip bilerler. Bu ýerde diňleýjileriň talabalaýyk bilim almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. Okuw otaglarynyň ählisi iň häzirki zaman tehnikalary, enjamlary, interaktiw tagtalary we kompýuterler bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Oturdylan maketler hünärmenler üçin okuw prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrýar, olaryň guýulary işläp taýýarlamak bilen has ýakyndan tanyş bolmaklaryna getirýär. Hünärmenlere nazary bilimleri tejribeli mugallymlar berýär. Şu ýylyň on bir aýynda diňleýjileriň sany 1000 hünärmenden geçdi. Olaryň içinde  «Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri, «Türkmengazburawlaýyş» we beýleki edaralaryň işgärleri bar.

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary nebitgaz toplumynyň hünärmenleriniň bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin niýetlenilen bilim maksatnamalarynyň giň toplumyny göz öňünde tutýar.

Okuw sapaklary nebitgaz pudagynyň hünärmenlerini öň alnan ýokary we orta hünär bilimiň binýadynda taýýarlamaga gönükdirilendir. Ähli pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz toplumynyň işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy — nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň we beýleki  önümçilikleriň netijeli hereket etmeginiň aýrylmaz şerti bolup durýar. Käbir hünärler üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmeklik bu ugurda işini dowam etdirmeginiň hökmany şerti bolup durýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014