2020-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti tassyklanyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama laýyklykda, girdejiler boýunça 84 391,7 mln. manat möçberde we çykdajylar boýunça 84 291,7 mln. manat möçberde tassyklanyldy. Şeýlelikde, býujetiň girdejileri çykdajylardan 100 mln manat artykdyr.

Kanuna laýyklykda, zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýlip bellenildi.

Geçen şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary altynjy çagyrylyşyň sekizinji maslahatynda «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny biragyzdan kabul etdiler. Bellenilişi ýaly, Býujetiň girdeji bölegi esasan nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk we beýlekiler ýaly wajyp önümçilik pudaklarynyň hasabyna düzüldi. Şeýle hem obasenagat toplumy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, dokma we azyk senagatlary sazlaşykly ösüşe eýe bolar.

Sebitleri senagatlaşdyrmaga, toplumlaýyn ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň we eksport ugurlaryň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň hususy pudagynyň berkidilmegine gönükdirilen giň möçberli döwlet maksatnamalary býujetiň girdeji böleginiň sazlaşykly ösüşini üpjün eder.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň agramly bölegi durmuş pudagynyň ösdürilmegine we durmuş üpjünçiligi ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilýär. Giň möçberli milli taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda obalary özgertmek, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda şäher gurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, medeni-durmuş maksatly wajyp desgalary gurmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak üçin serişdeler göz öňünde tutuldy.

Meňzeş täzelikler

2014