Türkmenistanyň we RF-iň DIM-leri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde GDA-nyň, halkara guramalaryň çäklerindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji we 75-nji sessiýalarynyň gün tertibine degişli meseleler, şeýle-de daşary syýasaty meýilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar berýär.

Geňeşmeleriň önümçilikli häsiýetini belläp, gatnaşyjylar Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berdiler, hyzmatdaşlygyň 2020-nji ýylda ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň ykdysadyýet, söwda, ulag, energetika ulgamlaryny, aýratyn hem  GDA agza döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy baradaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

 

Meňzeş täzelikler

2014