Russiýa Hytaýa köp mukdarda turba geçiriji gazyny iberýän ikinji döwlet boldy

2-nji dekabrda «Gazprom» «gündogar» ugur boýunça Hytaýa tebigy gaz iberip başlady. «Sila Sibiri» turba geçirijisi boýunça HHR-e «mawy ýangyjy» iberip başlamaga RF-iň Prezidenti Wladimir Putin we HHR-iň baştutany Si Szinpin teleköpri arkaly badalga berdiler.

«Gazprom» we CNPC hytaý kompaniýasy «Sila Sibiri» gaz geçirijisi boýunça russiýa gazyny 30 ýyl möhlet bilen almak-satmak boýunça şertnama 2014-nji ýylyň maýyn gol çekipdi. Şertnama Hytaýa ýylda 38 mlrd kub metre çenli gaz ibermekligi göz öňünde tutýar. Ibermeler geljek bäş ýylyň içinde şu derejä çykmaly. Ibermeleri artdyrmak döwründe bolsa, möçberler 2020-nji ýylda 5 mlrd kub metr, 2021-nji ýylda 10 mlrd kub metr we 2022-nji ýylda 15 mlrd kub metr möçberinde ylalaşyldy.

Birinji tapgyrda «Sila Sibiri» boýunça ibermeler Çaýandin käninden amala aşyrylar, soňlugy bilen gaz geçirijä Kowyktin känleri goşular. Uzynlygy 2160 km bolan «Sila Sibiri» gaz geçirijisiniň birinji uçastogynyň gurluşygy 2014-nji ýylyň sentýabrynda başlandy. Desganyň gurluşygyna 10 adam we 4,5 müň birlik tehnika gatnaşdy, 1800 müň tonna turba sarp edildi, diýip «Gazpromyň» ýolbaşçysy Alekseý Miller belledi.

Belläp geçsek, Russiýa Hytaýa köp mukdarda turba geçiriji gazyny iberýän ikinji döwlet boldy. Türkmenistan HHR bilen uzakmöhletleýin şertnamanyň esasynda eýýäm 10 ýyldan bäri umumy uzynlygy 9000 km bolan «Merkezi Aziýa – Hytaý» gaz geçirijisi boýunça Hytaýa tebigy gazy eksport edýär. geçen döwürde Türkmenistandan Hytaýa iberilen tebigy gazyň jemi möçberi 252,1 mlrd kub metre deň boldy.

Ýatlatsak, 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizlen «Merkezi Aziýa – Hytaý» gaz geçirijisi häzirki wagtda Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý ugry boýunça geçýän üç sany ugurdaş şahany öz içine alýar. HHR-e gaz ibermeleriniň esasy möçberini – ýylda 35-40 mlrd kub metri Türkmenistan üpjün edýär.

Türkmenistanyň serhedinden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinde boýunça geçiriljek dördünji şahanyň işe girizilmegi bilen türkmen tebigy gazynyň HHR-e iberilýän möçberleri ýylda 65 mlrd kub metre çenli artar.

 

Meňzeş täzelikler

2014