Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça çäreleri geçirýär

Pakistanyň energetika ministrligi Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri tizleşdirmek boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirýär. Bu barada Pakistanyň ykdysadyýet federal ministri Hammad Azhar Türkmensitanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen geçen hepdede geçiren duşuşygynda belledi. Bu barada pakistan HBS-leri habar berýär.

Pakistan tarapynyň baha bermegine görä, türkmen energiýa serişdeleriniň eksporty suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasyny düýpli arzanlatmaga, elektrik energiýasynyň ortaça tariflerini aşaklatmaga mümkinçilik berer.

Ýyllyk kuwwaty 33 mlrd kub metre deň boljak TOPH gaz geçirijisiniň Pakistanyň çäkleri boýunça geçjek bölegi Çamandan Kwettanyň üsti bilen Dera Ismail-Han we Multandan hindi serhedine çenli bolar.

Pakistanyň häkimiýeti indiki ýylyň ýanwaryndan gaz geçirijini çekip başlamagy we onuň gurluşygyny 2022-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýär. Ulanyşyň birinji tapgyrynda gazyň turba geçiriji boýunça erkin akymy ýola goýlar, ikinji tapgyrda gaz geçirijiniň ugry boýunça kompressor beketleriniň gurluşygy meýilleşdirilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014