Türkmen wekiliýeti «EKSPO – 2020¬» halkara sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy

29-30-njy noýabrda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň wekilleriniň bu iri çärä gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

DIM-niň belleýşi ýaly, 2019-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de “EKSPO-2020” Dubaý Býurosynyň Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Alynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagynyň geljekde türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň berkemegine goşant goşjakdygy hem-de dünýä bileleşigini Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri bilen tanyşdyrjakdygy barada bellenildi. 

Dubaý şäherinde 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň apreline çenli geçiriljek “EKSPO-2020 bütindünýä sergisi “Akyllaryň arabaglanyşygy we gelejegi gurmak” şygary astynda geçiriler. Medeni we döredijilik duşuşygyna öwrüljek bu çärä 200 halkara gatnaşyjy, şol sanda ýurtlar we halkara guramalary, şeýle-de halkara kompaniýalary gatnaşar. Türkmenistan döwletimiz EKSPO-2020-ä “Ykjamlyk” atly ekspozisiýa bilen gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Bu forum Bütindünýä sergileriniň taryhynda iň ulusy bolar. Oňa 192 sany döwlet we halkara guramalary gatnaşar. Alty aýyň dowamynda ýaýbaňlanjak megaplatformada eksponenteriň her biri gazananlaryny we innowasiýalaryny görkezip bilerler, taryhy, medeniýeti, söwda-ykdysady, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrarlar.

 

Meňzeş täzelikler

2014