Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletlerini Owganystany sebit taslamalaryna işjeň çekmäge çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Owganystanda ylalaşdyrmak işlerine goldaw bermek boýunça bilelikdäki işleriň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

«Men Türkmenistanyň bu babatda garaýşyny tassyklaýaryn, ol barada biz ozal hem ençeme gezek beýan edipdik. Bitarap döwlet we ýakyn goňşy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy usul arkaly kadalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň arasynda gös-göni gatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge taýýardyr. Gepleşikleri geçirmek usulynyň taýsyzdygyna ynanýarys» - diýip, döwlet Baştutany belledi.

— Durmuşyň görkezişi ýaly, bu ýerde güýç ulanmak netijesiz bolup, onuň geljegi ýokdur – diýip Berdimuhamedow aýtdy.

Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýa ýaly möhüm pudaklarda iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy Owganystanyň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady we durmuş taýdan gaýtadan dikeldilmeginiň, sebit hem-de dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýar – diýip türkmen Lideri belledi.

Türkmenistan bu ugurda yzygiderli iş alyp barýar, mälim bolşy ýaly, birnäçe iri sebit taslamalarynyň başyny başlady, şolaryň birnäçesi üstünlikli tamamlandy. Biz Owganystanyň, beýleki goňşy ýurtlaryň gatnaşmagynda ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy boýunça işleri dowam etmegi maksat edinýäris hem-de şol işlere Merkezi Aziýa döwletleriniň goşulmagyny goldaýarys – diýip Prezident nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014