Daşkentde türkmen-özbek ykdysady hyzmatdaşlygynyň ugurlary kesgitlenildi

Daşkentde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Häzirki döwürde Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegi, ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagy zerur bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda energetika, ulag, aragatnaşyk ugurlary boýunça iri düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär diýip, Türkmen Lideri aýtdy.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň dowamynda energetika ulgamynyň onuň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. 2009-njy ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga berlen Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisi özara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň bir bölegi Özbegistanyň çäginden geçýär. Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý ugry boýunça ýylda 25 milliard kub metre çenli kuwwaty bolan gaz geçirijiniň ýene bir ugrunyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde ulag ulgamy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Hususan-da, Türkmenistanyň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ugry bilen Gara deňze çykmak arkaly Gruziýa, Türkiýä, Rumyniýa we beýleki döwletlere uzaýan ulag geçelgeleri boýunça bilelikdäki işleriň geçirilmegine taýýardygy bellenildi.

Yklymlaýyn ulag geçelgelerini köpugurly esasda ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistan Özbegistan bilen Merkezi Aziýa — Hytaý ugry boýunça demir ýol gatnawlarynyň mümkinçiliklerine garamaga möhüm ähmiýet berýär.

Gepleşikleriň dowamynda kuwwatly energetika we ulag düzümini döretmegi, ýöriteleşdirilen halkara guramalary, maliýe düzümleri bilen sebitde we dünýä giňişliginde ygtybarly hem-de utgaşykly tagallalary birleşdirmegi esasy ugur edinýän ýurtlar hökmünde Türkmenistanyň we Özbegistanyň şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe iki ýurduň daşary syýasat hem-de ugurdaş düzümleriniň işjeň goşulmagyny teklip etdi.

Taraplar biziň döwletlerimizde kuwwatly senagat hem-de oba hojalyk binýadynyň, döwrebap ulag düzüminiň döredilendigini belläp, özara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek we maýa serişdelerini çekmek maksady bilen, bar bolan mümkinçilikleriň doly peýdalanylmalydygyny nygtadylar.

Türkmen Lideri şu ýylyň awgust aýynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynda, ilkinji nobatda, Ýewropa, Russiýa, Kawkaz bazarlaryna ugradylýan eksportyň möçberini artdyrmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň bu Halkara portuň düzümlerini peýdalanmagynyň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, özbek hyzmatdaşlara bu meseleleri öwrenmek hem-de islendik teklipleri oňyn görnüşde garamaga taýýarlyk barada pikirlerini aýtmak teklibi ýetirildi.

Döwlet derejesindäki sebit aragatnaşyklaryna mundan beýläk-de goldaw bermek, serhetýaka welaýatlaryň hojalykçylarynyň we telekeçileriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014